WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji ýylda yglan edilipdi, indi bolsa kompaniýa onuň esasy mümkinçiliklerini, işe goýberiljek möhletini we ony goldajak enjamlaryň sanawyny mälim etdi.
Siri AI uly dil modelleriniň (LLM) esasynda işleýär. Apple bu taslamada özüniň hususy Apple Intelligence tehnologiýalaryny, şeýle hem Google kompaniýasynyň Gemini modellerini ulanýar. Täze kömekçi gürrüňdeşligiň umumy mazmunyna düşünmek, ekrandaky maglumatlary seljermek we ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny göz öňünde tutmak ýaly mümkinçiliklere eýe boldy.
Esasy mümkinçilikleri
- Ekrany tanamak: Siri indi enjamyň ekranynda näme bolup geçýändigini anyklamagy we hatlardan, elektron poçtadan, belliklerden hem-de suratlardan gerekli maglumatlary tapmagy başarýar. Mysal üçin, kömekçi köne hatlaryň içinden myhmanhananyň bron belgisini tapyp bilýär.
- Goşundylar bilen işlemek: EA kömekçisi goşundylaryň içinde dürli amallary ýerine ýetirip bilýär: hatlaryň garalamasyny döretmek, suratlary redaktirlemek, suratlardan ýörite ýygyndy taýýarlamak we olary zerur ýere ugratmak. Üçünji tarap programma döredijileri hem Spotlight arkaly şeýle funksiýalary öz ulgamlaryna birikdirip biler.
- Internetden maglumat gözlemek: Siri AI torda iň täze maglumatlary gözlemäge, çylşyrymly sowallara jogap bermäge we anyklaşdyryjy soraglar arkaly dialogy dowam etdirmäge ukyplydyr.
- Aýratyn goşundy: Siri üçin söhbetleriň taryhy saklanýan aýratyn goşundy döredildi. Gürrüňdeşligiň taryhy iCloud arkaly iPhone, iPad, Mac, Apple Watch we Apple Vision Pro enjamlarynyň arasynda sinhronlaşdyrylýar.
- Visual Intelligence: Siri-niň täze görnüşi suratlary tanamak funksiýalaryna eýe boldy. iPhone-yň Kamera goşundysynda ulanyjynyň öňündäki obýektleri kesgitlemek üçin ýörite režim peýda bolar. Meňzeş mümkinçilikler iPad, Mac we Vision Pro enjamlarynda hem elýeterli bolar.
- Aýdylany ýazmak we ses: Täzelenen dil modeli adamyň gürläp aýdan sözlerini tekst görnüşine takyk geçirýär, dyngy belgilerini we baş harplary awtomatik usulda goýýar. Ulanyjylar kömekçiniň sesiniň tizligini we täsirliligini hem özlerine görä sazlap biler.
Gizlinlik
Apple kompaniýasy gelýän soraglaryň we amallaryň ýa-ha gös-göni enjamyň özünde, ýa-da Private Cloud Compute ulgamy arkaly işlenilýändigini mälim edýär. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, gizlin we şahsy maglumatlar serwerlerde saklanmaýar, hatda Apple-iň özüne hem elýeterli däl. Howpsuzlyk arhitekturasy garaşsyz bilermenleriň barlamagy üçin doly açykdyr.
Enjamlara birikdirilişi
- iPhone-da Siri AI kömekçisini gapdal düwme, «Hey Siri» ses buýrugy ýa-da «Dynamic Island» zolagyndan edilýän swaýp arkaly çagyrmak bolar.
- Mac we iPad enjamlarynda kömekçi «Spotlight» gözleg ulgamyna we ulgamyň kontekst menýularyna birikdirilendir.
- Apple Vision Pro garniturasynda Siri 3D wizuallaşdyrma görnüşinde peýda bolýar we ol gözüň hem-de sesiň üsti bilen işjeňleşdirilýär.
- Apple Watch sagatlarynda bolsa ýakyndaky gürleşigi dowam etdirmegi hödürleýän Smart Stack wijetleri goldanylýar.
Siri AI haçan peýda bolar?
Funksiýalaryň synag görnüşleri eýýäm programma döredijiler üçin elýeterli edildi. Köpçülik üçin niýetlenen açyk beta-görnüşi bolsa şu ýylyň ahyryna çenli çykarylar.
Siri AI täze iOS 27, iPadOS 27, macOS 27, watchOS 27 we visionOS 27 operasion ulgamlarynyň bir bölegi bolar. Ol şu aşakdaky enjamlarda goldanylar:
- iPhone 16 we ondan soňky modeller;
- iPhone 15 Pro, iPhone 15 Pro Max;
- iPad mini (A17 Pro) we M1 prosessorly ýa-da ondan soňky çykan iPad modelleri;
- M1 prosessorly ýa-da ondan soňky çykan Mac kompýuterleri;
- Apple Vision Pro;
- Apple Watch Series 10 we ondan soňky modeller;
- Apple Watch Ultra 2 we ondan soňky modeller;
- «Apple Intelligence» goldawy bilen golaýdaky iPhone-a birikdirilen ýagdaýynda Apple Watch SE 3.



