Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Bu taslamanyň esasy maksady — sebitiň tehnologik özbaşdaklygyny berkitmäge gönükdirilen resmi Ýewropa emeli aň modelini okatmakdan ybaratdyr.
Täze ulgam 400 milliarddan gowrak parametrden ybarat bolar — öň munuň ýaly uly möçberli EA modelleri diňe bir ABŞ-nyň we Hytaýyň öňdebaryjy IT pudagynyň ägirtleri tarapyndan döredilýärdi. Neýroulgam Ýewropa Bileleşiginiň resmi 24 diliniň tutuş düzüminde işläp biljek derejede okadylar.
Hasaplama amallarynyň örän agyr yüküni azaltmak üçin, işläp taýýarlaýjylar häzirki zaman modully arhitekturalary, şol sanda «hünärmenleriň gatyşygy» (Mixture-of-Experts) tehnologiýasyny ulanarlar. Taýýar bolan önümi açyk kodly programma üpjünçiligi hökmünde erkin ulanmaga bermek meýilleşdirilýär, bu bolsa ÝB-niň içindäki alymlar, telekeçilik we döwlet edaralary üçin deň şertleri döreder.
Domyn kompaniýasy bu modeli Nvidia-nyň goldawy bilen döreder. Akademik maksatlar üçin niýetlenilýän we berk düzgünleşdirilen pudaklaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaýan öň bar bolan uly dil modelleriniň köpüsinden tapwutlylykda, Ýewropanyň bu taslamasy iň möhüm telekeçilik amallar üçin amatly ýagdaýa getiriler. Bu ýerde gürrüň emeli aňy maliýe hyzmatlary, goranyş we öňdebaryjy önümçilik ulgamlarynda ulanmak (mysal üçin, gurluşly maglumatlar bazalaryna soraglar ugratmak) barada gidýär.
Işläp taýýarlaýjylaryň bu ugurda eýýäm tejribesi bar: olaryň 263 mlrd parametrli «Domyn-Large» modeli, şeýle hem «Italia-10B» we «Colosseum-355B» nusgalary eýýäm «Nvidia NIM» mikrogulluklary hökmünde elýeterlidir we Ýewropanyň «Emeli aň baradaky kanunyna» doly laýyk gelýär.
Taslamanyň maliýe we tehniki tarapyny Ýewrokomissiýa «EuroHPC» superkompýuter konsorsiumy bilen bilelikde üpjün edýär. Şertlere görä, bäsleşigiň ýeňijisine ýörite emeli aň algoritmleri üçin oňaýlaşdyrylan Ýewropa superkompýuterleriniň hasaplama güýjüniň 2,5 göterimi (2,5%) bir ýyl möhlet bilen mugt berler.