Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

  • şu gün 15:53
  • 316

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli janly-jandarlaryň gen maglumatlaryny ýygnamagy we seljermegi göz öňünde tutýar.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, taslama häzirki wagtda ylma mälim bolan şeýle maglumatlaryň möçberini takmynan ýüz esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Taslama Anthropic, Ultima Genomics, PacBio kompaniýalary bilen bilelikde hem-de Nvidia kompaniýasynyň güýçli hasaplama operasiýalarynyň ornaşdyrylmagynda amala aşyrylýar.

Hünärmenler döwrebap sewenirleme tehnologiýalaryny we emeli aňy utgaşdyrmak arkaly, bu ägirt uly işi iki ýyldan hem az wagtyň içinde tamamlamagy meýilleşdirýärler. Taslamanyň esasy maksady – biologiýa ugruna ýöriteleşdirilen emeli aň modellerini türgenleşdirmek üçin täze maglumat goruny döretmekdir.

Kompaniýa eýýäm häzirki wagtyň özünde bir million töweregi täze görnüşli janly-jandarlardan tapylan, ozal nämälim bolan 10 milliarddan gowrak genetik çeşmelere eýedigini ýaňzytdy. Alnan bu gymmatly maglumatlar bejeriş molekulalaryny we beýleki biotehnologik çözgütleri işläp düzmek üçin döredilen «EDEN» maşgalasynyň emeli aň modellerini okatmak üçin niýetlenilendir.

Taslamanyň awtorlary bu işi özüniň göwrümi boýunça meşhur «Adam genomy» maksatnamasy bilen deňeşdirýärler. Emma bu gezek gürrüň diňe bir görnüşiň, ýagny täk adamyň däl-de, eýsem, Ýer ýüzündäki genetik dürlüligiň taryhdaky iň uly kartasyny döretmek barada gidýär.


12.06.2026 23:56
2.4k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:10
834

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.5k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....