Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu operasiýany başdan geçiren ilkinji syrkaw BAE-niň 74 ýaşly raýaty boldy.
Dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak, sagdyn süňkleri, kekirdewükleri we siňir damarlaryny saklap galmak bilen, diňe bognuň zeper ýeten bölegini çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu çemeleşme adaty operasiýalar bilen deňeşdireniňde, syrkawyň has çalt dikelmegine ýardam berýär.
Operasiýa wagtynda emeli aň ulgamy hirurga amallary ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirmäge kömek etdi. Bu bolsa implantaty iň amatly derejede ýerleşdirmäge we bognuň deňagramlylygyny dogry sazlamaga şert döretdi.
Klinikanyň hünärmenleriniň pikiriçe, robotlaşdyrylan hirurgiýanyň ulanylmagy, takyk ölçegler we her bir syrkaw üçin aýratyn bejeriş meýilnamalaryny düzmek mümkinçiligi arkaly endoprotezirleme pudagynda täze mümkinçilikleri açýar.