OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly täze platformanyň işe girizilýändigini yglan etdi.
Hyzmatdaşlygyň çäginde saýlanyp alnan hünärmenler kompaniýalardaky iş we önümçilik tapgyrlarynyň nähili özgerýändigini öwrenmek üçin OpenAI kompaniýasynyň maglumatlar toplumyna elýeterli bolar. Şeýle hyzmatdaşlyk bilermenlere adaty seljeriş usullarynyň çäginden çykmaga mümkinçilik berer, sebäbi olar kompaniýanyň içerki algoritmlerini öz ylmy işlerinde peýdalanyp biler.
Maksatnama gatnaşyjylar bellibir tapgyrlara, maglumatlary dolandyrmak işlerine we bilermenleriň baha beriş gurallaryna esaslanyp, öz taslamalaryny döreder. Munuň üçin platformany döredijiler zähmet ykdysadyýeti, döwlet maliýesi, amaly sebäp-netije seljermesi, şeýle hem sebitleýin ösüş ýaly ugurlarda ýokary tejribesi we güýçli empirik ukyplary bolan alymlary hem-de gözlegçileri taslama gatnaşmaga çagyrdy.
Bu täze konsepsiýa OpenAI kompaniýasynyň emeli aň tehnologiýalarynyň ykdysady netijelerini has takyk ölçemek boýunça giň möçberli tagallalarynyň dowamy boldy. Kompaniýa mundan ozal dürli ýurtlarda we kärhanalarda emeli aňyň nähili ornaşdyrylýandygyny hem-de ulanylýandygyny ölçemek üçin OpenAI Signals analitik platformasyny hem döredipdi. OpenAI şeýle garaşsyz ylmy-gözleg taslamalaryny goldamak arkaly çalt tehnologik üýtgeşmeleriň bolýan döwründe gözlegçiler, syýasatçylar, kärhanalar we jemgyýetçilik üçin elýeterli bolan maglumatlar bazasyny giňeltmegi maksat edinýär.
Ýörite barlag topary gelip gowuşýan tekliplere olaryň usulyýet taýdan takyklygyna, hakykylygyna we ygtybarly subutnama bazasyny döretmek ukybyna görä düýpli baha berer. Maksatnama gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 5-nji iýulynda tamamlanar. Ähli materiallar doly barlanandan soň, guramaçylar saýlap almagyň netijelerini yglan eder we ýeňijilere 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli resmi taýdan habar berer.