ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we häzirki wagtda jikme-jik maglumatlar aýan edilmeýär.
Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, OpenAI öz paýnamalaryny haýsy nyrhdan satuwa çykarmakçy bolýandygyny anyklaşdyrmady we şoňa görä-de, IPO-nyň öňüsyrasynda kompaniýanyň umumy bazar gymmatyna nähili baha berilýändigi näbelli bolup galdy.
Paýnamalaryň biržada ilkinji gezek peýda boljak senesi hem OpenAI tarapyndan entek yglan edilmedi. «Munuň üçin bellibir wagt gerek bolup biler, sebäbi biziň ýerine ýetirmek isleýän käbir meýilnamalarymyz bar. Olary bolsa hususy kompaniýa hökmünde durmuşa geçirmek has aňsat bolar» – diýlip, OpenAI kompaniýasynyň resmi beýanatynda bellenilýär.
Reuters-iň berýän maglumatlaryna görä, OpenAI özüniň bazar bahasyny 1 trillion dollar diýip göz öňünde tutýar, paýnamalaryň ilkinji köpçülikleýin satuwyny bolsa şu ýylyň sentýabr aýynda geçirmegi meýilleşdirýär.
OpenAI özüniň IPO geçirmek meýilnamalaryny esasy bäsdeşi bolan we Claude emeli aň modelini döreden Anthropic kompaniýasy birža çykjakdygyny yglan edenden birnäçe gün soň mälim etdi.
Mundan başga-da, iýun aýynyň ahyrynda emeli aň we döwrebap tehnologiýalar äleminde ýene-de bir ägirt hasaplanýan Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň hem IPO-sy geçiriler.