Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

  • 09.06.2026 23:04
  • 2.8k+

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme öndürijilige, dizaýna we beýleki funksiýalara hem üýtgeşmeleri getirdi.

Apple Intelligence emeli aň funksiýalarynyň diňe iPhone 15 Pro we ondan soňky modellerde elýeterli boljakdygyny bellemek gerek. Has öňki enjamlaryň eýeleri hem öz telefonlaryna iOS 27 ulgamyny gurnap biler, ýöne emeli aň mümkinçilikleriniň köpüsinden peýdalanyp bilmez.

«Foto» goşundysyndaky üýtgeşmeler

Ulgama suratlary gaýtadan işlemek üçin generatiw emeli aň gurallary goşuldy. Ulanyjylar emeli aňyň kömegi bilen suratlardaky artykmaç zatlary aňsatlyk bilen aýryp, suratyň fonuny kadryň çäginden daşary giňeldip we surata düşürilen burçy üýtgedip biler.

Öndürijilik we durnuklylyk

Apple kompaniýasy ulgamyň çalt işlemegine aýratyn üns berdi. Resmi tanyşdyrylyşdan mälim bolşuna görä, indi:

  • programmalar 30% has çalt açylýar;
  • AirDrop arkaly faýllary ibermegiň tizligi 80% ýokarlandy;
  • öňki iPhone modelleriniň işjeňligi we duýgurlygy gowulandyryldy;
  • «Spotlight» we ulgamyň gözleg funksiýasy gaýtadan işlendi.

Dizaýn üýtgeşmeleri

Liquid Glass interfeýsinde durulyk sazlaýjysy peýda boldy. Ulanyjylar dizaýn elementleriniň durulyk derejesini özlerine görä sazlap biler. Şeýle hem, goşundy nyşanjyklarynyň görnüşi üýtgedildi we interfeýsiň kontrastlygy has kämilleşdirildi.

Beýleki täzelikler:

  • iCloud-yň umumy albomlary indi Android we Windows ulgamlary bilen hem işleýär;
  • FaceTime wideoaragatnaşygyna bir wagtyň özünde iki kameradan hem düşürmek mümkinçiligi goşuldy;
  • «Habarlarda» (Messages) surat çekmek üçin aýratyn programma goşuldy;
  • Telefon kese öwrülende «Live Activities» funksiýasynyň işjeňligi goldanylýar;
  • Esasy ekranda ulaldylan wijetler peýda boldy;
  • Budilnigiň ses derejesini aýratyn sazlamak mümkinçiligi döredildi;
  • AirPods üçin ýöriteleşdirilen ekwalaýzer goşuldy;
  • Bir telefon belgisini bir wagtyň özünde iki iPhone-da ulanmak mümkinçiligi bar.

Apple-iň berýän maglumatyna görä, iOS 27 ulgamynda jemi 200-den gowrak dürli gowulaşdyrmalar amala aşyryldy.

Goldanylýan enjamlar

iOS 27 operasion ulgamy ozal iOS 26 ulgamyny goldan ähli modellerde elýeterli bolar:

  • iPhone 11, 11 Pro, 11 Pro Max
  • iPhone 12, 12 mini, 12 Pro, 12 Pro Max
  • iPhone 13, 13 mini, 13 Pro, 13 Pro Max
  • iPhone 14, 14 Plus, 14 Pro, 14 Pro Max
  • iPhone 15, 15 Plus, 15 Pro, 15 Pro Max
  • iPhone 16, 16 Plus, 16e, 16 Pro, 16 Pro Max
  • iPhone 17, 17e, 17 Pro, 17 Pro Max
  • iPhone SE (ikinji we üçünji nesilleri).

Geljekki iPhone 18 modelleri bolsa bu ulgam bilen üpjün edilen görnüşde satuwa çykarylar.

Çykjak möhletleri

Işläp düzüjiler üçin niýetlenen beta-görnüşi WWDC 2026 maslahatyndan soň elýeterli boldy. Köpçülikleýin synaglar bolsa iýul aýynda başlar. Ähli ulanyjylar üçin iOS 27 ulgamynyň gutarnykly relizi 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirildi.


düýn 12:35
1.5k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.6k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:22
1.8k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......