TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde, takmynan, 284 million smartfon öndürildi, bu bolsa 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň 1,7% aşak düşendigini görkezýär.
Önümçiligiň peselmeginiň sebäpleri we çaklamalar
Operatiw ýat we içerki ýat üçin bahalar 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýokarlanyp başlapdy. Ilkibaşda bu ýagdaý önümçilik göwrümine uly täsir etmedi: sebäbi kompaniýalar ozal arzan bahadan satyn alnan köne komponent ätiýaçlyklaryny ulandy, alyjylaryň islegi bolsa tehnikalaryň gymmatlamagyna garaşylmagy bilen saklandy.
Ýöne häzirki wagtda ammarlardaky şol ätiýaçlyklar gutaryp başlady. Öndürijiler girdejileriň azalmagy we özüne düşýän gymmatyň ýokarlanmagy ýaly kynçylyklara sezewar boldy, şonuň üçin hem brendleriň köpüsi ikinji çärýek üçin meýilnamalaryna üýtgeşmeler girizip başlady.
TrendForce kompaniýasynyň çaklamalaryna görä:
- 2026-njy ýylyň jemi boýunça dünýäde smartfon önümçiligi, takmynan, 16,2% azalar we jemi 1,05 milliard enjam töweregi bolar.
- Eger ýat mikroshemalarynyň bahasy artmagyny dowam etdirse we wendorlar bölek söwda bahalaryny ýene-de ýokarlandyrmaly bolsa, bazaryň pese düşmegi has-da çuňlaşyp biler.
- Ýat enjamlarynyň gymmatlamagy geljekki iki ýylyň dowamynda smartfon bazaryndaky iň esasy faktor bolup galar.
Bazar liderleriniň ýagdaýy
- Samsung (1-nji orun): 62,6 million töweregi smartfon öndürdi (ýyllyk hasapda +2,3% ösüş). Bu brend iň uly 6 markanyň arasynda 2025-nji ýylyň dördünji çärýegine gatnaşykda önümçiligi artdyrmagy başaran ýeke-täk kompaniýadyr. Analitikler Samsung kompaniýasynyň bu durnuklylygyny onuň uly maliýe mümkinçilikleri we portfelindäki premium modelleriň uly paýy bilen düşündirýär.
- Apple (2-nji orun): 60,2 million smartfon öndürdi. Ýyllyk hasapda iPhone 17 hatarynyň giňeldilmeginiň we iPhone 17e modeliniň satuwa çykarylmagynyň hasabyna 19,7% ösüş hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende Apple-iň önümçiligi 31% azaldy.
- Xiaomi, Oppo we Vivo: Xiaomi 26 million smartfon öndürdi (ýyllyk hasapda -38%, çärýek boýunça -37% peseldi), Oppo — 29,5 million (+8% ýyllyk ösüş, emma -25% çärýek hasabynda azalma), Vivo — 22 million (ýyllyk we çärýek hasaplamalarynyň ikisinde hem -8% azalma). Ýat bölekleriniň gymmatlamagy bu kompaniýalaryň arassa girdejisine agyr basyş edýär, şonuň üçin hem hünärmenler olaryň önümçilik meýilnamalarynyň geljekde has-da azaldylyp bilinjekdigini çaklaýar.
- Tecno (6-njy orun): Jemi 19,8 million enjam öndürmegi başardy. Bu brend komponentleriň gymmatlamagyndan uly zyýan çekýär, sebäbi ol, esasan, pes girdejili býujet segmentinde hereket edýär. Ýöne onuň satuw görkezijileri ösüp barýan ýurtlaryň bazarlaryndaky uly islegleriň hasabyna entek saklanýar.