Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

  • 21.05.2026 16:26
  • 1.5k+

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi taýdan anons etdi.

Öndürijiler bazary kem-kemden uýgunlaşdyrmak strategiýasyny saýlap aldy, ol iki tapgyra bölünýär. Birinji bolup satuwa ekransyz audio-äýnekler çykarylar, olar daşky görnüşi boýunça adaty optiki äýneklerden tapawutlanmaýar. Displeýli we giňeldilen hakykatly (AR) kämil model bolsa energiýa netijeliliginiň üstünde işlemek zerurlygy sebäpli gijräk peýda bolar.

Ekransyz model ses arkaly dolandyryşa gönükdirilendir, ol «Hey Google» jümlesi ýa-da äýnegiň sapyna degmek arkaly işe girizilýär. Enjam daş-töwerekdäki obýektler barada maglumat soramaga, nawigatoryň audio-görkezmelerini almaga, jaňlary dolandyrmaga we daşky dünýäden bütinleý üzülmezden gurnalan dinamikler arkaly aýdym diňlemäge mümkinçilik berýär.

Akylly äýnekler Meta we Ray-Ban önümlerine gönüden-göni bäsdeşlik edip, Android hem-de iOS ulgamlary bilen doly derejede işleşer. Taslamanyň enjamlaýyn bölegine we komponentleriň kiçeldilmegine Samsung kompaniýasy jogap berýär.

Gajetiň dizaýn taýdan owadan görünmegi üçin çarçuwalary döretmäge meşhur Gentle Monster we Warby Parker brendleri işe çekildi.

Samsung Newsroom-yň berýän maglumatlaryna görä, audio-aksessuarlaryň ilkinji tapgyry eýýäm 2026-njy ýylyň güýzünde käbir sebitlerde satuwa çykarylar. Bazarda gözüň öňünde bildirişleri we messenjerleri görkezýän wersiýa peýda bolmazdan ozal, sarp edijilere ilki bilen äýnek çarçuwasy arkaly sesli aragatnaşyga öwrenişmek teklip edilýär.


düýn 11:10
567

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....