Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

  • 18.05.2026 01:22
  • 2.7k+

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer.

Phone Futurist (Schrodinger) kompaniýasynyň içerki habaryna görä, taslama MH1 ýa-da H1 kod atlary bilen işlenip düzülýär. Bu tehnologiýa enjamyň ekranynda gönüden-göni 3D effekt döretmek üçin nanostrukturaly golografik gatlagy, göz yzarlaýjy ulgamy we ýagtylyk şöhlesini dolandyrmak ulgamyny ulanmagy öz içine alýar.

Syzylan maglumatlara görä, ulanyjylar smartfony biraz egmek arkaly tomaşa ediş burçuny üýtgedip bilerler, bu bolsa obýektleri dürli burçlardan görmäge mümkinçilik berer. Ulgam standart 2D režiminde suratyň  durulygyny doly saklamaly.

Şeýle hem, neşirde bu tehnologiýanyň geljekki "giňişlik iPhone"-ynda ulanylyp bilinjekdigi, Apple-iň bu iş üçin mümkin bolan müşderi hökmünde garalýandygy aýdylýar.

Phone Futurist žurnaly mundan ozal Samsung Galaxy S26 Plus-yň tehniki aýratynlyklaryny çap edipdi we 2027-nji ýyldaky iPhone-yň ýubileýi üçin dört tarapy egilen ekranly konsepsiýa barada habar beripdi. Bu maglumat soňra başga çeşmeler tarapyndan hem tassyklanyldy.


25.06.2026 11:01
3.8k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......