“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

  • 05.06.2026 23:49
  • 2.9k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi.

Tanyşdyryş çykyşy wagtynda ol smartfonyň prototipini görkezdi we enjamyň rus apparat platformasynda gurlandygyny aýtdy.

“Bu Android däl. Elbetde, bu iPhone hem däl. Bu Huawei däl, bu Samsung hem däl. Bu rus apparaty we operasion ulgamy özümiziňki. Bu asla Android däl. Mysal üçin, munuň web ulgamyna hüjüm etmek mümkin däl” - diýip, Kasperskiý aýtdy.

Kompaniýa dürli guramalar bilen hyzmatdaşlykda synag taslamalaryny geçirýär. Kompaniýanyň baş direktorynyň sözlerine görä, eýýäm smartfonyň ençeme onluk nusgasy bar.

Enjam bölek satuw üçin elýeterli däl. Işlenip düzüliş köpçülikleýin bazar üçin däl-de, esasan syýasatçylara we hökümet işgärlerine, ýagny maglumatyň howpsuzlygy möhüm bolan ulanyjylara gönükdirilendir.

Enjamyň erkin satuwa çykaryljak senesi mälim edilmedi.

“Entek edilmeli işler köp” - diýip, Kasperskiý belledi.


düýn 10:51
840

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......