Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

  • 07.06.2026 17:01
  • 2.2k+

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri Jek Klarkdyr.

Makalada häzirki zaman emeli aň ulgamlarynyň adamyň gönümel gatnaşmagy bolmazdan, öz ukyplaryny özbaşdak gowulandyrmak tapgyryna golaýlaşandygy bellenilýär. Awtorlar munuň geljekde nähili netijelere getirjekdiginiň heniz bütinleý nämälimdigini aýratyn nygtaýarlar.

Anthropic-iň wekilleriniň pikirine görä, pudagyň öňdebaryjylary jemgyýetiň we döwlet edaralarynyň döräp biläýjek üýtgeşmelere öwrenişmäge wagt tapmagy üçin täze modelleri taýýarlamagyň depginini peseltmelidirler. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa munuň ýaly çemeleşmäni durmuşa geçirmegiň täze emeli aň nusgalarynyň gizlinlikde işlenip düzülmeginiň we kämilleşdirilmeginiň öňüni alyp biljek global gözegçilik ulgamyny döretmegi talap etjekdigini-de boýun alýar.

Munuň üçin awtorlar beýleki çylşyrymly tehnologiýalary, mysal üçin, ýakyn we orta aralyga atylýan raketalary ýok etmek baradaky halkara şertnamasy ýaly gözegçilik gurluşlaryny deňeşdirme getirýärler. Şunuň bilen bir wagtda, olar beýle düzgünleriň döredilmegi üçin onlarça ýylyň sarp edilendigini ýatlap: «Biziň onça köp wagtymyz ýok» diýmek bilen, ätiýaç edilýän ýagdaýyň derwaýys hem çözülmesi mähetdel meseledigini ýaňzydýarlar.

Anthropic kompaniýasy bäş ýyl mundan ozal, Dario Amodeiniň ýolbaşçylygynda OpenAI kompaniýasynyň öňki işgärleriniň topary tarapyndan esaslandyryldy. Şu ýyl kompaniýa programlaşdyrmak üçin niýetlenen «Claude Code» gurallarynyň kömegi bilen ägirt uly üstünlikler gazandy.

Anthropic kompaniýasynyň bazardaky umumy bahasy özüniň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyndan hem geçip, 965 milliard dollara ýetdi. Kompaniýa 1-nji iýunda gysga wagtyň içinde aksiýalaryny halk köpçüligine hödürläp, birža çykmak meýilnamalaryny resmi taýdan mälim etdi.


düýn 10:51
865

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......