Nvidia Samsung-dan öňe geçip, iň uly çip öndürijisi boldy

  • 16.04.2025 08:02
  • 1.4k+

Nvidia 2024-nji ýylyň girdejisi boýunça dünýäde iň uly ýarymgeçiriji öndürijisi  bolmak bilen, ilkinji gezek Samsung Electronics-den öňe geçdi.

Gartner-iň berýän maglumatlaryna görä, Nvidia-nyň girdejisi 120% ösüp, 76,7 milliard dollara ýetdi, bazardaky paýy bolsa 11,7% boldy. Ozal ýat çipi bazaryna öňbaşçylyk eden Samsung girdejisini 60,8 % ýokarlandyrdy.
Intel girdejisiniň bary-ýogy 0,8 % ösüşi bilen üçünji ýere düşdi. Nvidia-ny HBM ýady bilen üpjün edýän Günorta Koreýanyň SK hynix kompaniýasy altynjy orundan dördünji orna çykyp, girdejisini 91,5% ýokarlandyrdy we 44,2 milliard dollara ýetirdi.
Umuman, ýarymgeçiriji bazary ösüşi görkezdi: ýat öndürijiler girdejisini 73,4% artdyrdy, ähli üpjün edijileriň umumy girdejisi bolsa 655,9 milliard dollara ýetdi.


17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....