Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

  • 22.05.2026 20:30
  • 2.5k+

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi.

Bu habaryň fonunda, 21-nji maýda Seul söwdalaşyklarynda Samsung Electronics kompaniýasynyň paýnamalary 8,5% ýokarlanyp, 299 500 won (198,4 dollar) ýapylyş bahasyna ýetdi.

Emeli aň tehnologiýalaryndan alynýan girdeji bilen baglanyşykly pul baýragyny tölemegiň täze ülňüsiniň tassyklanmagy netijesinde tas 50 müň adamyň gatnaşmagyndaky iş taşlaýşyň öňüni almak başartdy.

Ylalaşyga görä, işgärler kompaniýanyň paýnamalarynda iş girdejisiniň 10,5%-i we goşmaça 1,5%-i nagt görnüşinde bonuslar alyp bilerler. Bu mehanizm Samsung kompaniýasynyň ýyllyk iş girdejisi 2026–2028-nji ýyllarda azyndan 200 trillion won (133 milliard dollar), indiki ýyllarda bolsa azyndan 100 trillion wona ýetse güýje girer. Tölegleri 2027-nji ýylyň başynda berip başlamak meýilleşdirilýär. Işgärler alan paýnamalarynyň üçden bir bölegini derrew satyp bilerler, galan bölegi bolsa iki ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn satylar.

Bloombergiň baha bermegine görä, kompaniýa 78 000 işgäriniň arasynda, takmynan, 26,6 milliard dollary paýlap biler, şonda her bir işgäre ortaça takmynan 340 000 dollardan düşer.

Kärdeşler arkalaşygy 23-nji aprelde 18 günlük iş taşlaýyş etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi we ilki bilen iş girdejisiniň 15%-ni bonuslara gönükdirmegi talap etdi. Närazylyklar kompaniýanyň bäsdeşi SK Hynix-iň 2025-nji ýyldan başlap on ýylyň dowamynda işgärlerine her ýyl iş girdejisiniň 10%-ni bölüp bermek baradaky wadasynyň täsiri bilen has-da ýitileşdi.

“Samsung” kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygy bilen baglaşan soňky ylalaşygynyň 27-nji maýda işçileriň ses bermegi bilen tassyklanmagyna garaşylýar.


10.06.2026 11:08
988

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......