Nvidia garaşlylygy azaltmak üçin ädim: Meta FuriosaAI kompaniýasyny satyn almagy meýilleşdirýär

  • 15.02.2025 20:10
  • 1.6k+

Meta kompaniýasy emeli aň (EA) ulgamlary üçin serwer infrastrukturasyny güýçlendirmek maksady bilen, düýbi Günorta Koreýada ýerleşýän we EA tizlendirijileri öndürýän FuriosaAI kompaniýasyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada «TechCrunch» neşiri habar berýär.

Samsung we AMD-niň öňki işgärleri tarapyndan esaslandyrylan FuriosaAI kompaniýasy EA modelleriniň işini ep-esli çaltlandyrýan çipleri işläp düzýär. Bu modellere Meta-nyň «Llama 2» we «Llama 3» ýaly tekst generasiýa modelleri hem degişlidir.
Maglumatlara görä, FuriosaAI kompaniýasy Günorta Koreýanyň tehnologik kompaniýasy Naver-iň hem gatnaşmagynda maýadarlardan takmynan 90 milliard koreý wony (takmynan, 61,94 million dollar) maýa çekdi. FuriosaAI kompaniýasy ABŞ-daky, Ýaponiýadaky we Hindistandaky potensial müşderiler bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ozal hem aýdypdy, emma olaryň atlaryny aç-açan beýan etmändi.
Bilermenleriň pikirine görä, bu ädim Meta-nyň Nvidia kompaniýasyna bolan garaşlylygyny azaltmak, şeýle hem ýokary öndürijilikli EA tizlendirijileri döretmek baradaky tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.
Ýatlatsak, OpenAI kompaniýasynyň hem şu ýyl özüniň ýörite EA çipleriniň önümçiligine başlajakdygyny habar beripdik. Şeýle-de Saud Arabystanynyň hökümeti hem EA çip öndürijisi bolan «Groq» kompaniýasyna 1,5 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim edipdi.


düýn 12:08
1.6k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......