Saud Arabystany emeli aň çip öndürijisi bolan «Groq» kompaniýasyna $1,5 mlrd maýa goýar

  • 14.02.2025 05:54
  • 2.6k+

Saud Arabystany emeli aň (EA) çipleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Groq» atly amerikan startapyna 1,5 milliard dollar maýa goýar. Bu maýa goýum patyşalygyň EA ugrundaky öňdebaryjy ornuny berkitmek boýunça äden möhüm ädimleriniň biri bolup durýar. «LEAP 2025» atly tehnologik çäräniň dowamynda mälim edilen maýa goýumyň esasy bölegi startapyň Saud Arabystanynyň Dammam şäherinde ýerleşýän, EA çiplerine esaslanýan maglumat merkezleri üçin sarp ediler diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

EA çipleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Groq» startapy «Alphabet» kompaniýasynyň öňki inženeri tarapyndan esaslandyryldy. Düýbi Kremniý jülgesinde (Kaliforniýa, ABŞ) ýerleşýän kompaniýa özüniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanaldy we 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen maýa goýum tapgyryndan soň onuň umumy bahasy 2,8 milliard dollara ýetdi.
Saud Arabystanynyň EA infrastrukturasyny kämilleşdirmek üçin goýlan 1,5 milliard dollarlyk maýanyň esasy bölegi «Groq» kompaniýasynyň maglumat merkezlerine gönükdiriler. Bu taslama Saud Arabystanynyň nebit ägirdi bolan «Aramco» kompaniýasyna degişli «Aramco Digital» bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Bu maglumat merkezlerinde Saud Arabystanynyň hökümeti tarapyndan işlenip düzülýän, arap we iňlis dillerini goldaýan «Allam AI» atly uly dil modeli (LLM) ulanylar.
Bu ädim Saud Arabystanynyň ýurduň ykdysadyýetiniň nebite bolan garaşlylygyny azaltmak hem-de tehnologiýa bilen EA ugruna uly maýa goýmak baradaky giňişleýin strategiýasyna laýyk gelýär. Patyşalyk EA ugrundaky maksatlaryny goldamak maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtleri bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar.
«LEAP 2025» çäresiniň dowamynda amerikan kompaniýalary EA bilen baglanyşykly jemi 14,9 milliard dollar möçberdäki maýa goýumlary özüne çekdi. Bu möçber dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ABŞ-nyň EA tehnologiýalaryna bolan garaşlylygynyň barha artýandygyny görkezýär.


08.04.2026 16:50
3k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

21.03.2026 08:18
2.2k+

Türkmenistan ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamasyny taýýarlaýar

Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu meselä 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde garaldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

26.02.2026 18:21
5.6k+

Global berginiň möçberi rekord 348,3 trillion dollara ýetdi

Halkara maliýe institutynyň (IIF) täze maglumatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň umumy bergisi örän çalt depginler bilen ösdi. Döwletleriň, öý hojalyklarynyň we dürli görnüşli kompaniýalaryň umumy borçlary bir ýylyň içinde 29 trillion dollar artyp, jemi 348,3 trillion dollara ýetdi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...