157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

  • 29.05.2026 08:03
  • 7.8k+

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek geljekki gökdiräniň ähli esasy polat gurluşy hytaýly inženerler tarapyndan ýerine ýetiriler.

Jinggui International Çžeszýan welaýatyndan bolan «Jinggui Steel Structure Group» toparynyň ýanyndaky şahamçasydyr. Kompaniýa uly belentlikdäki desgalary taslamak, üpjün etmek, deslapky ýygnamak, daşamak we oturtmak işleri bilen meşgullanar.

Jeddah Tower Gyzyl deňziň kenaryndaky Jedda ykdysady zolagynda gurulýar we Saud Arabystanynyň «Vision 2030» maksatnamasynyň esasy taslamalarynyň biri hasaplanýar. Taslamanyň umumy bahasy 26 milliard dollardan geçýär.

157 gatly diňde «Four Seasons» myhmanhanasyny, kaşaň öýleri, A klasly ofisleri we dünýäniň iň belent syn ediş meýdançasyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Gurluşygy 2028-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

2026-njy ýylyň maý aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä binanyň belentligi 400 metrden geçdi, gurluşyk bolsa 103-nji gata ýetdi. Işiň depginine görä, her üç-dört günde bir gat gurulýar. Täze şertnama gurluşyň durnuklylygyna we gurnama takyklygyna ýokary talaplaryň bildirilýän iň çylşyrymly bölegini öz içine alýar.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa dört sany intellektual önümçilik hataryny işe girizdi. Gurluşykda S690 klasyndaky has berk polat ulanylýar, oturtmagyň takyklygy bolsa millimetr derejesinde saklanýar. Bu çöl şemalynyň, temperaturanyň düýpli üýtgemeleriniň we aşa ýokary belentligiň şertlerinde işlemek üçin zerurdyr.


16.06.2026 12:54
5k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....