Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

  • 28.05.2026 12:23
  • 2k+

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi.

​Bu gözleg ýakyn üç ýylda maýa goýmak üçin iň özüne çekiji ýurtlara baha beren 507 sany halkara kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň pikirlerine esaslanýar. Şunlukda, Kanada ikinji orna, Ýaponiýa bolsa üçünji orna çykdy.

​Şol bir wagtyň özünde Pars aýlagynyň ýurtlarynyň hem orunlary güýçlenýär. Saud Arabystany ilkinji gezek iň uly on sany maýa goýum ugrunyň hataryna girdi, BAE bolsa Germaniýa we Beýik Britaniýa bilen bir hatarda dünýä liderleriniň arasyndaky ornuny berkitdi.

​Gözlegiň maglumatlaryna görä, Kanada syýasy durnuklylygy, baý resurs binasy we emeli intellekt infrastrukturasyna goýulýan maýa goýumlary netijesinde ýokary özüne çekijilik derejesini saklaýar. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurtda göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň 297 sany taslamasy yglan edildi. Emeli aň nfrastrukturasyny ösdürmek boýunça gymmaty 926 million dollar bolan döwlet maksatnamasy bolsa muňa goşmaça itergi berdi.

​Hytaýyň orunlary bolsa, tersine, geosyýasy töwekgelçilikleriň we söwda dartgynlygynyň basysy astynda galdy.

​Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli her ýyl 100 milliard dollara çenli göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda ýurtda Amazon Web Services we Google Cloud kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri tehnologik taslamalar durmuşa geçirilýär. Meňzeş strategiýany Microsoft, Oracle we AWS kompaniýalarynyň öz ornuny giňeldýän ýeri bolan BAE hem alyp barýar.


şu gün 11:17
1.3k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

şu gün 09:41
1.5k+

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......

düýn 12:54
4.6k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....