OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

  • 30.05.2026 13:39
  • 1.6k+

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi.

Gaznanyň yglan etmegine görä, bu serişdeler ölçeg we çaklama ulgamlaryny döretmek, seljeriji barlaglary goldamak we emeli aňyň ýaýramagy bilen baglylykda ykdysadyýet işini guramak üçin täze çemeleşmeleri işläp düzmekde ulanylar.

OpenAI emeli aň ulgamyndaky çalt üýtgeşmeleriň mümkin bolan ýalňyşlyklaryň bahasyny ýokarlandyrýandygyny, şonuň üçin tehnologiýanyň zähmet bazaryna we global ykdysadyýete nähili täsir etjekdigine gowy düşünmegiň zerurdygyny aýtdy.

"Emeli aňyň ykdysady täsirini öwrenmegiň häzirki usullarynyň köpüsi haýsy wezipeleri awtomatlaşdyryp boljakdygyna gönükdirilendir. Bu peýdaly, ýöne doly däl. Emeli aňyň ykdysady täsiri wezipeleriň iş orunlary bilen nähili utgaşdyrylýandygyna bagly bolar" - diýip, OpenAI belledi.

Barlagçylar dürli ýurtlaryň we olaryň infrastrukturasynyň hakyky ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, emeli aňyň täsirini öwrenmegi meýilleşdirýärler. Olar emeli aňy her bir ýurt üçin bähbitli bolar ýaly uýgunlaşdyrmaga synanyşarlar.


düýn 19:47
528

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
1.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......