OpenAI şu ýyl özüniň ýörite emeli aň çipleriniň önümçiligine başlar

  • 12.02.2025 23:56
  • 1.4k+

OpenAI kompaniýasy ýene az wagtdan özüniň ýörite emeli aň (EA) çiplerini işläp düzer we olary TSMC-niň zawodlarynda ösen tehnologiýalar bilen öndürip başlar diýip, Reuters habar berýär.

Çipleriň dizaýn tapgyryndan önümçilige çenli iň jogapkärli basgançagy – teýpaut (tape-out) tapgyry hasaplanýar. Bu tapgyrda çipleriň sanly görnüşdäki taslamasy önümçilik üçin niýetlenen fotoşablona geçirilýär. Adatça bu tapgyr onlarça million dollara düşýär we ilkinji çibiň öndürilmegi üçin takmynan alty aý gerek bolýar. Eger bir näsazlyk ýüze çyksa, sebäp anyklanyp bütin prosese gaýtadan başlanylýar.
Eger-de ilkinji önümçilik üstünlikli bolsa, OpenAI şu ýylyň dowamynda Nvidia kompaniýasynyň çiplerine alternatiwa hödürläp başlar. Häzirki wagtda Nvidia EA tizlendirijiler bazarynyň 80%-den gowragyny eýeleýär.
Bu çipler OpenAI kompaniýasynyň ýörite topary tarapyndan Broadcom bilen hyzmatdaşlykda, Riçard Honuň ýolbaşçylygynda işlenip düzülýär. Geçen aýlarda Honuň ýolbaşçylygyndaky topar 40 işgäre çenli köpeldildi, emma bu san Google ýa-da Amazon ýaly tehnoägirtleriň taslamalary bilen deňeşdirilende ep-esli azdyr.
Analitikleriň pikirine görä, OpenAI-yň täze EA tizlendirijileri ilkinji tapgyrda kompaniýanyň infrastrukturasy üçin peýdalanylar.
Senagat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, giň gerimli maksatnama üçin täze çibiň dizaýny 500 million dollara düşüp biler. Muny döretmek üçin gerek bolan programma üpjünçiligi we periferiýa enjamlary hem göz öňünde tutulsa, bu çykdajylaryň iki esse köpelmegi hem mümkin.
Ýatlatsak, Google şu ýyl emeli aň infrastrukturasy üçin 75 mlrd dollar, Meta 60-65 mlrd dollar we Microsoft bolsa bu ugurda 80 mlrd dollar sarp etmegi meýilleşdirýär.


düýn 18:06
1.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
982

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......