Google şu ýyl emeli aň üçin infrastrukturasyna $75 mlrd sarp eder – Meta-dan köp, ýöne Microsoft-dan az

  • 06.02.2025 11:52
  • 1.7k+

Google-a eýelik edýän Alphabet korporasiýasy geçen ýylyň dördünji çärýegindäki maliýe netijeleri barada hasabat berdi. Jemi girdejisi 12% ýokarlanyp, 96,47 milliard dollara ýetdi, emma bu görkeziji analitikleriň çaklamalaryndan pes boldy diýip, CNBC habar berýär.

Kompaniýanyň bulut hyzmatlaryndan gelýän girdejisi 30% ýokarlanyp, 11,96 mlrd dollara ýetdi, ýöne bu hem maýadarlar üçin garaşylýan netijäni bermedi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa hasaplaýyş kuwwatyny giňeltmek üçin şu ýyl 75 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýär.
Deňeşdirsek, Meta Platforms şu ýyl kapital çykdajylary üçin 60-65 mlrd dollar bölüp berer, Microsoft bolsa bu ugurda 80 mlrd dollar sarp etmegi meýilleşdirýär. Bazar bilermenleri Google-yň bu ugurda 58,84 mlrd dollar sarp edip biljekdigini çaklaýardylar, emma kompaniýa garaşylandan has köp maýa goýmagy meýilleşdirýär.
Geçen çärýekde Alphabet-iň kapital çykdajylary 14 mlrd dollar boldy. Bu görkeziji analitikleriň çaklamasyndan (13,26 mlrd) has ýokary boldy. Şu ýyl kompaniýa bulut hyzmatlary we emeli aň bölümlerinde işgär sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär.
Google-yň girdejisi YouTube, gözleg hyzmatlarynda we beýleki hyzmatlar pudaklarynda örän haýal ösdi. Şeýle-de bolsa, YouTube geçen çärýekde 10,47 mlrd dollar girdeji gazanyp, bazaryň çaklamalaryndan has ýokary netijeleri görkezdi.
Bulut hyzmatlarynda Google-yň girdejisi 11,96 mlrd dollar boldy. Maýadarlaryň garaşýan çaklamasy 12,19 mlrd dollar bolsa-da, girdeji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30% ýokarlandy.
Google-nyň mahabat girdejisi çärýek netijelerine görä 10,6% ýokarlanyp, geçen ýylky 11% bilen deňeşdirilende pes boldy. Gözleg hyzmatlarynda girdeji 12,5% ýokarlanyp, geçen ýylky 12,7% bilen deňeşdirilende biraz peseldi. YouTube-yň mahabat girdejisi 13,8% ýokarlanyp, geçen ýylky 15,5% bilen deňeşdirilende pese düşdi. Hyzmatlar pudagyndaky girdeji bolsa 10,2% ýokarlanyp, geçen ýylky 12,4% bilen deňeşdirilende pes boldy.
Alphabet-iň arassa girdejisi geçen çärýek boýunça 28% ýokarlanyp, 26,54 mlrd dollara ýetdi.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......