Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

  • şu gün 16:32
  • 517

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli wersiýalaryny çykarmak meýilnamasyny tassyklady. Bu barada ChromeOS-iň ýolbaşçysy Jon Maletis habar berdi.

Onuň sözlerine görä, kompaniýa täze tehnologiýalary enjamlaryň nyrh kategoriýasyna garamazdan, ulanyjylar üçin elýeterli etmegi maksat edinýär.

«Biz elmydama tehnologiýalaryň nyrh segmentine garamazdan, öndürijiligi we maglumatlara elýeterliligi üpjün etmegini isleýäris, şonuň üçin wagtyň geçmegi bilen bahalary aşakladarys, ýöne ilkinji enjamlar super-premium kategoriýasyna degişlidir» diýip, Maletis belledi.

Häzirki wagtda «Googlebook» we «Chromebook» dürli ulanyjy toparlaryna niýetlenendir. «Chromebook» arzan bahadan, ulanmak üçin ýönekeýligi we bilim ulgamynda meşhurlygy bilen ýaýrady. «Googlebook» bolsa, tersine, «Windows» we «macOS» esasyndaky premium enjamlar bilen bäsleşip biljek flagman noutbuklar hökmünde görkezilýär.

Şol bir wagtyň özünde, «Googlebook» «Android» goşundylaryny we «Gemini» funksiýalaryny goldar hem-de has döwrebap interfeýsi alar. Arzan modelleriniň peýda bolmagy bilen, «Googlebook» we «Chromebook-yň» arasyndaky tapawutlar has az görnüp biler.

Google şeýle hem Chromebook-yň önümçiliginiň geljek ýyl dowam etjekdigini we hereket edýän enjamlaryň uzak wagtlap programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini aljakdygyny habar berdi. Korporasiýa 2034-nji ýyla çenli «ChromeOS-den» kem-kemden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. «ChromeOS» we «Android» esasynda «Aluminium OS» atly täze birleşdirilen ulgamyň 2028-nji ýylda çykmagyna garaşylýar.

«Android Authority-niň» bellemegine görä, Maletisiň beýanaty «Googlebook-yň» noutbuk bazarynda Google-yň uzak möhletli strategiýasyna öwrülip biljekdigini we wagtyň geçmegi bilen Chromebook-uň ornuny tutup biljekdigini görkezýär.


17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

13.02.2026 10:58
3.1k+

Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi

Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi...