Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi

  • 13.02.2026 10:58
  • 3k+

Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi.
Aýry-aýry toparlaryň işgärleri öz islegi boýunça kompaniýadan çykyp bilerler we muňa derek olara kompensasiýa tölener.
Şindler öz hatynda kompaniýanyň garaýşy we täze şertleri hakynda nygtap: «Siziň 2025-nji ýyldaky gazanan üstünlikleriňiz netijesinde biz täze ýyla güýçli maksat bilen başlaýarys» diýip belleýär we şol bir wagtyň özünde, häzirki wagtda ýagdaýyň örän güýçli we tiz depginlidigini, töwekgelçilikleriň hem şonça ýokarydygyny ýaňzydýar.
Onuň aýtmagyna görä, GBO bölüminiň işgärleri kompaniýanyň wezipelerine doly goşulmaly we iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin emeli aň gurallaryny ulanmaly. Häzirki depgine uýgunlaşyp bilmeýän we işini «Google-dan daşarda dowam etmäge taýýar» kadrlara bolsa, täze maksatnamadan peýdalanmak teklip edilýär.
Meýletin işden gitmek şertleri çözgütler we satuwlar, korporatiw ösüş we ýene birnäçe beýleki ugurlar boýunça toparlara degişlidir. Oňa derek müşderiler bilen göni işleşýän wezipeler we ABŞ-daky iri müşderi hyzmaty toparlary bu maksatnama gatnaşyp bilmezler. «GBO-nyň ähli wezipeleri biziň uzak möhletleýin strategiýamyz üçin möhüm bolsa-da, müşderilerimiz üçin kynçylyklaryň ýüze çykma ähtimallygyny iň pes derejä düşürmek maksady bilen, bu orunlar üçin maksatnamany hödürlemezlik kararyna geldik» diýip, hatda bu hakynda agzalýar.
Google ozal şeýle görnüşli maksatnamalary beýleki bölümleriniň işgärlerine-de hödürläpdi. Kompaniýa Business Insider-iň bu baradaky soraglaryny häzirlikçe jogapsyz galdyrdy.


28.02.2026 15:20
1.1k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

12.02.2026 11:34
2k+

Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy

​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady...

24.01.2026 09:42
1.4k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...