Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

  • 28.02.2026 15:20
  • 1.2k+

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär. Hasabata görä, köp ýyllyk hyzmatdaşlyk birnäçe milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.

Meta Platforms bu çipleri emeli aňyň täze nusgalaryny döretmek üçin peýdalanar. Şu hepdede gurama bäsdeşlerinden yza galmazlyk üçin AMD kompaniýasy bilen hem mikroshemalary üpjün etmek barada uzak möhletleýin şertnama baglaşypdy.

Google üçin bu ädim, iň kämil emeli aň prosessorlary bazarynda NVIDIA Corporation bilen bäsleşigi güýçlendirmegiň guralydyr. Mundan ozal eýýäm gözleg läheňiniň birnäçe startaplar tarapyndan ulanylýan öz enjamlaýyn çözgütleriniň bazaryny giňeltmegiň ýollaryny gözleýändigi habar berlipdi.

Baglaşylan ylalaşyga garamazdan, öndüriji önümçilik çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam edýär. Şeýle hem, häzirki wagtda giň gerimli kompaniýalar hökmünde tanalýan iri bulut hyzmatlaryny üpjün edijiler tarapyndan korporasiýanyň önümlerine bolan gyzyklanma henizem pesligine galýar.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......