«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

  • 03.05.2026 23:57
  • 1.4k+

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp, 9,88 milliard dollara ýetdi, Google-yň umumy ýazylyşyklarynyň sany bolsa 350 milliona ýetdi.

YouTube-yň mahabatdan gelýän girdejileriniň Uoll-stritiň çaklamalaryndan ($9,99 mlrd) birneme pes bolandygyna garamazdan, umumy tomaşa edilýän wagt durnukly ösmegini dowam etdirýär we platformanyň güýmenje pudagyndaky liderlik ornuny berkitmäge kömek edýär.

Hasabata görä, Alphabet-iň şu ýylyň ilkinji üç aýyndaky umumy mahabat girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,5% ýokarlanyp, 77,25 milliard dollara deň boldy. Holdingiň umumy girdejisi 109,9 milliard dollara (22% ösüş) ýetdi, arassa girdejisi bolsa 62,6 milliard dollar bolup, analitikleriň çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy. Alphabet-iň we Google-yň baş direktory Sundar Piçai bu netijeleri emeli aňyň biznesiň ähli ugurlaryna netijeli ornaşdyrylmagy bilen baglanyşdyrdy.

«2026-njy ýyl ajap başlandy. Biziň EA goýýan maýa goýumlarymyz we toplumlaýyn çemeleşmämiz biznesiň her bir ugruna itergi berýär» – diýip, ol maliýe netijelerini yglan edende belledi.

Hasabatda tölegli hyzmatlaryň ösüşine aýratyn üns berildi. Birinji çärýekde YouTube Music we YouTube Premium agzalarynyň sanynyň taryhy rekord derejede artandygy hasaba alyndy. Serwisiň telewizorlardaky striming segmentinde ornunyň berkemegi we «Oskar» baýragyny (2029–2033 ý.) görkezmek baradaky eksklýuziw şertnamasy YouTube-yň Holliwuddaky esasy oýunçylaryň biridigini tassyklaýar. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça platformanyň girdejisi 60 milliard dollardan geçdi.

Şeýle hem Google Cloud segmentinde üstünlikler bellenilip, onda girdeji 63% artdy, sargytlaryň möçberi bolsa 460 milliard dollardan geçdi. Google gözleg ulgamynda EA funksiýalarynyň ulanylmagy gözlegleriň rekord derejesine we girdejileriň 19% artmagyna getirdi.

Piçai Gemini goşundysynyň emeli aň tehnologiýalary bilen baglanyşykly sarp ediş biznesi üçin şu ýylyň birinji çärýegini iň güýçli döwürleriň birine öwrendigini hem sözüniň üstüne goşdy.


17.06.2026 11:29
4.3k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
868

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.2k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......