Nvidia işgär başyna 4,4 mln dollar, Netflix birneme az gazanýar

  • 22.11.2025 23:57
  • 1.8k+

Nvidia, Netflix we Apple işgär başyna düşýän girdejiniň ululygy boýunça tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjylar boldy. Şeýle statistikany OnDeck kompaniýasy hödürledi.

Işgär başyna girdeji (RPE) kompaniýanyň işiniň netijeliliginiň giňden ýaýran görkezijisi bolup, işçi güýjüniň öndürijiligine baha bermek üçin ulanylýar. Ol kompaniýanyň umumy girdejisini işgärleriniň sanyna bölmek arkaly hasaplanýar.
Tehnologiýa ägirtleriniň arasynda işgär başyna iň ýokary girdejini Nvidia görkezdi – 4 408 784 dollar. Ikinji orunda 4 153 125 dollar bilen Netflix ýerleşdi.
Üçünji orny eýelän Apple üçin bu görkeziji beýlekiler bilen deňeşdirilende ujypsyz ýaly görünýär – 2 413 171 dollar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa jemi 164 müň işgäri bilen şeýle ýokary görkezijilere ýetmegi bilen tapawutlanýar. Işgärleriň köpüsi bölek söwdada zähmet çekýär.
Sanawyň yzyny dowam etdirýär: Meta (2,2 mln dollar), Alphabet (Google-yň baş kompaniýasy, 1,9 mln dollar), Uber (1,4 mln dollar), Microsoft (1,1 mln dollar), Tesla (761 708 dollar), Adobe (734 666 dollar) we Salesforce (498 684 dollar).
Eger ähli pudagy göz öňünde tutsaň, onda amerikan kompaniýalarynyň arasynda iň ýokary görkezijini gozgalmaýan emläge eýeçilik edýän we ony myhmanhanalar hem kazino üçin kärendesine berýän VICI Properties görkezýär. 27 işgäri bolan bu kompaniýa olaryň her biri üçin, takmynan, 142 mln dollar gazanýar.
Dünýä derejesinde RPE boýunça iň ýokary görkeziji Hindistanyň altyn gazyp almak bilen meşgullanýan Rajesh Exports kompaniýasyna degişlidir. Ol işgär başyna 307 mln dollar gazanýar.
Deňeşdirmek üçin, McDonald’s 172 800 dollar, Starbucks 171 185 dollar gazanýar.
Iş ýüzünde RPE-ni netijeliligiň iň gowy görkezijisi diýip atlandyryp bolmaz, çünki ol işiň maddy däl taraplaryny, mysal üçin korporatiw medeniýeti göz öňünde tutmaýar. 


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......