Nvidia-nyň wideokarta bazaryndaky paýy 90%-e ýetdi

  • 25.03.2025 17:51
  • 1.7k+

Nvidia kompaniýasy umumy üpjünçiligiň peselendigine garamazdan, wideokarta bazaryndaky paýyny artdyrdy. «Jon Peddie Research» gözleg firmasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa OEM hyzmatdaşlarynyň arasynda diskret grafiki prosessorlar bazarynyň 90%-ine eýe boldy.

«Technetbooks-yň» habaryna görä, Nvidia 2024-nji ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende bazardaky paýyny 2% artdyrdy.
Analitikleriň bellemegine görä, adatça, üçünji çärýekde üpjünçilik artýan bolsa-da, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde ol 14,5% azaldy – ikinji çärýekde 9,5 million enjam satylan bolsa, üçünji çärýekde bu görkeziji 8,1 milliona çenli düşdi. Munuň sebäbi möwsümleýin üýtgeşmeler we harytlaryň köpdügine garamazdan, islegiň pes bolmagydyr.
Merkezi prosessor bazaryndaky ýagdaý bolsa başgaça boldy. Üçünji çärýekde 20,1 million prosessor satyldy – bu bolsa öňki çärýek bilen deňeşdirilende 42,2% köpdür. Şeýle-de bolsa, ýyllyk görkezijiler boýunça 3,4% azalma bellige alyndy.
Bu üýtgeşmeleriň fonunda AMD we Intel grafiki prosessor bazaryndaky ornuny gowşatdy, Nvidia bolsa liderligini güýçlendirdi.


22.02.2026 17:17
2.3k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

16.02.2026 20:41
3k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

31.01.2026 09:16
935

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

13.01.2026 13:28
8.2k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...