2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň infografikasy: IT ägirtleri öňde

  • 07.12.2025 12:14
  • 3k+

2025-nji ýylda dünýäde iň uly girdejileri häzirem tehnologiýa, maliýe we energetika pudaklarynyň kompaniýalary gazanmagyny dowam etdirýär. Dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň reýtinginiň ýokary orunlaryny Alphabet, Apple we Microsoft tehnologiýa korporasiýalary eýeledi.

2025-nji ýylyň noýabryna çenli soňky 12 aýda kompaniýalaryň arassa girdejisini görkezýän infografika üçin maglumatlar FinanceCharts tarapyndan hödürlendi. Seljerme bu kompaniýalaryň işiniň näderejede girdejililigini hem görkezýär.
Alphabet 124,3 mlrd dollar möçberde arassa girdeji bilen birinji orny eýeleýär. Onuň yzyndan Apple we Microsoft gelýär. Bu kompaniýalaryň üstünligi sanly hyzmatlaryň, mahabat platformalarynyň we korporatiw programma üpjünçiliginiň ýokary girdejileri bilen baglanyşyklydyr.
53,7% girdejililik bilen NVIDIA hem aýratyn tapawutlanýar. Bu bolsa emeli aň üçin çiplere bolan islegiň artýandygyny görkezýär.
Tehnologiýa pudagyndan daşary iň girdejili kompaniýa 95,6 mlrd dollar bilen Saudi Aramco bolmagynda galýar.
Maliýe pudagynda esasy oýunçylaryň arasynda JPMorgan Chase, Bank of America we Wells Fargo ýaly amerikan we ICBC, China Construction Bank, Agricultural Bank of China we Bank of China ýaly hytaý banklary bar.
Ilkinji 50 kompaniýanyň hataryna Ýewropanyň HSBC, BNP Paribas we Santander maliýe edaralary hem girdi.
Özüniň belli we gymmat bahaly derman serişdeleri bilen ýokary girdejililigi Merck, Eli Lilly we Novo Nordisk ýaly farmasewtika kompaniýalary hem görkezdi.


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......