Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

  • 30.10.2025 13:27
  • 1.8k+

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy.

29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi.
Bazar bahasy boýunça ikinji orunda Microsoft, üçünji orunda Apple ýerleşýär. Bir gün öň, 28-nji oktýabrda, iPhone öndürijisiniň kapitalizasiýasy ilkinji gezek dört trillion dollardan geçdi. Nvidia we Microsoft bu görkezijiden iýul aýynda geçipdi.
Reuters agentliginiň habar berşi ýaly, Nvidia-nyň paýnamalarynyň gymmatlamagy 500 mlrd dollarlyk EA çipleriniň sargytlary baradaky bildiriş we kompaniýanyň ABŞ-nyň hökümeti üçin ýedi sany superkompýuter gurmak meýilnamalary bilen baglanyşyklydyr.
Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ösüşiň ýene bir sebäbi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen Nvidia tarapyndan işlenip düzülen Blackwell prosessorlary barada gürleşmekçidigini aýtmagy boldy.


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......