Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy

  • 29.10.2025 13:32
  • 3.9k+

Apple korporasiýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi, muňa Nasdaq biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu kompaniýany Nvidia bilen Microsoft-dan soň taryhda şeýle derejä ýetmegi başaran üçünji kompaniýa edýär.

Sişenbe güni söwdanyň iň ýokary sepgidinde Apple-yň aksiýalary 269,87 dollar boldy, kapitalizasiýasy bolsa 4,001 trillion dollar boldy. 20:04-de aksiýanyň bahasy azajyk düşüp, 268,8 dollar, bazar bahasy bolsa 3,992 trillion dollar boldy.
Analitikler aksiýalaryň gymmatlamagyny sentýabrda çykarylan täze iPhone 17 hataryna bolan ýokary isleg bilen baglanyşdyrýarlar.

“Apple heniz emeli aň ugrundaky mümkinçilikleri doly ulanmasa-da, bazar kapitalizasiýasynyň 4 trillion dollara ýetmegi Cupertino we tehnologiýa ýygnaýjylary üçin bir möhüm pursat boldy. Bu Apple-yň dünýäde ‘iň gowy müşderi franşizasyny’ döredenginiň subutnamasydyr” diýip, Wedbush Securities maliýe kompaniýasynyň analitigi Den Aýws Bloomberg agentligine aýtdy.

Taryhda birinji bolup 4 trillion dollara 2025-nji ýylyň iýulynda Nvidia ýetdi. Şonda şol aýda Microsoft hem bu derejä ýetdi.
Häzir Nvidia-nyň bazar bahasy 4,894 trillion dollar bolup, ol ilkinji bolup 5 trillion dollara ýetmegi göz öňünde tutýar.
Microsoft-yň kapitalizasiýasy bolsa 4,029 trillion dollar deňdir.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....