Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

  • 14.05.2026 12:04
  • 2.9k+

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar.

Çap edilen maglumatlara görä, Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 17 seriýasyndan takmynan 4,736 million smartfon satdy. Satuwa çykarylan ilkinji bäş günüň içinde 1 milliondan gowrak enjam satyldy.

Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun bu satuwy soňky ýyllarda hytaý flagmanlarynyň arasynda iň şowly çykyşlaryň biri diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, seriýanyň iň ýokary modeli bolan Xiaomi 17 Ultra-nyň satuwy takmynan 207 müň enjam boldy.

Deňeşdirmek üçin, Hytaý bazarynda iPhone 17 seriýasyndan 2026-njy ýylyň mart aýynyň başyna çenli eýýäm 24 million enjam satyldy. Bu seriýanyň iň meşhur modeli bolan iPhone 17 Pro Max satuwa çykan gününden 150 gün geçensoň, 10 million işjeňleşdirilen enjam sepgidinden geçdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hytaýly öndürijileriň bäsdeşligine garamazdan, Apple gymmat smartfonlar bazarynda özüniň ornuny ynamly saklap galýar. Şeýle hem, beýleki Android smartfon öndürijileriniň Apple bilen bäsleşmek üçin emeli aň funksiýalaryna we wideo surata düşüriş mümkinçiliklerine esasy üns berýändikleri aýdylýar.


düýn 08:37
5.5k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......