Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

  • 13.01.2026 13:28
  • 8.4k+

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr.

Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi. "Forbes" neşiriniň ozal habar berşi ýaly, ol taryhda baýlygy 700 milliard dollarlyk çäkden geçen ilkinji adam boldy. 2020-nji ýyldan bäri telekeçiniň baýlygy tas 30 esse artdy. Onuň bukjasyndaky esasy serişde — umumy bahasy 800 milliard dollar diýlip bellenilýän SpaceX kompaniýasyndaky 366 milliard dollarlyk paýydyr.
Ikinji orny "Google" kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan biri bolan Larri Peýj eýeleýär. Onuň 257,7 milliard dollarlyk baýlygy "Alphabet" kompaniýasynyň paýnamalarynyň 2025-nji ýylda 63% ýokarlanmagy netijesinde kemala geldi.
"Nvidia" kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang 162,5 milliard dollarlyk baýlygy bilen sekizinji orunda ýerleşdi. Onuň kompaniýasynyň paýnamalary soňky ýedi ýylda 4200%-den gowrak ösüş görkezdi.
Şol bir wagtyň özünde, köp ýyllaryň dowamynda sanawyň başyny çeken Bill Geýts häzirki wagtda 18-nji orunda durýar. Bu ýagdaý "Microsoft" esaslandyryjysynyň on milliardlarça dollary Bill we Melinda Geýts gaznasyna geçirmegi, şeýle hem köp sanly haýyr-sahawat taslamalaryny maliýeleşdirmegi bilen düşündirilýär.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....