Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

  • 04.06.2025 13:43
  • 1.8k+

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi.

CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy. Tapawut uly däl, ýöne tehniki taýdan Nvidia indi dünýäniň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasy hasaplanýar.
Soňky gezek Nvidia bu orny şu ýylyň 24-nji ýanwarynda eýeledi. Düýnki söwda sessiýasynyň jemi boýunça, onuň bazar bahasy tas 3% ýokarlandy. Soňky bir aýda ösüş, takmynan, 25% boldy.
Nvidia geçen ýylyň iýun aýyndan bäri bazar bahasy boýunça Apple we Microsoft bilen öňdebaryjylyk ugrunda yzygiderli bäsleşýär.
Nvidia-nyň paýnamalarynyň ösüşi ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalaryň bazaryndaky umumy ösüş bilen gabat geldi. Micron Technology-nyň paýnamalary 4%, Broadcom-yň kagyzlary bolsa ulgam çözgütleri üçin täze çip hödürländen soň 3% ýokarlandy.
Geçen hepde Nvidia birinji maliýe çärýeginiň netijelerini hödürledi. Hasabat üstünlikli boldy we analitikleriň belleýşi ýaly, soňky günlerde kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň ösmegine täsir eden şertleriň biri boldy.


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......