Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň aýlyk haky 10 ýyldan soň ilkinji gezek ýokarlandy

  • 05.05.2025 16:10
  • 6.6k+

Emeli aňyň çalt ösmegi netijesinde bazar bahasy 3 trillion dollara ýeten Nvidia kompaniýasy baş direktory Jensen Huangyň aýlygyny ep-esli artdyrdy. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasyna (SEC) tabşyrylan täze resminama görä, Huangyň esasy zähmet haky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 50% ýokarlandy, indi onuň aýlyk haky 1,5 million dollar boldy. Häzirki maliýe ýylynyň dowamynda, Huangyň jemi girdejisi 49,9 million dollar bolar diýlip çaklanylýar. Munuň 38,8 million dollary paýnamalardan we beýleki çeşmelerden gazanylar diýip, «Wccftech» habar berýär.

Deňeşdirsek, Nvidia-nyň işgärleriniň ortaça ýyllyk zähmet haky 300 müň dollar töweregi. Diýmek, Huang beýleki işgärlerden 166 esse köp gazanýar. Bu ýagdaý kompaniýanyň ägirt uly ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, AMD-niň ýolbaşçysy Liza Sunyň esasy aýlygy hem 1,26 million dollar, ýagny Huangyňkydan az.
Jensen Huang 97,9 milliard dollarlyk baýlygy bilen, Bloomberg-iň milliarderler sanawynda 17-nji orunda durýar. Onuň baýlygynyň köp bölegi Nvidia-daky paýnamalaryndan gelýär. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň çalt ýokarlanmagy onuň bu sanawdaky ornuny has-da berkidýär. Şeýle-de bolsa, Nvidia täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar: Trampyň administrasiýasy kompaniýanyň Hytaý ýaly möhüm bazarlardaky ornuny saklamagyny kynlaşdyrýar.


22.02.2026 17:17
2.4k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

16.02.2026 20:41
3.1k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

31.01.2026 09:16
953

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

13.01.2026 13:28
8.3k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...