Microsoft bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy

  • 31.07.2025 20:44
  • 5.3k+

Microsoft kompanivasy, Nvidia-dan soň, bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy.

Bu üstünlik kompaniýanyň Wall Street analitikleriniň garaşyşyndan ýokary bolan çärýekleýin hasabatyny çap etmeginiň yzýany boldy diýip, Bloomberg belleýär.
Nýu-Ýorkdaky birža söwdalarynyň başynda Microsoft-yň paýnamalary 8,2% ýokarlandy, netijede kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 4,1 trillion dollara ýetdi. Soň paýnamalaryň bahasy birneme pese gaçdy we häzirki wagtda kompaniýanyň bazar bahasy takmynan 4 trillion dollar derejesinde saklanýar.
Çap edilen görkezijilere görä, Microsoft-yň "Azure" bulut hyzmatlary bölümi 39% ösüş görkezipdir. Bu bolsa analitikleriň çaklamasyna görä garaşylan 34%-den ýokarydyr.
Kompaniýanyň maliýe direktory Emi Hud analitikler bilen geçiren telefon gepleşiginde Microsoft-yň ýylyň jemleri boýunça girdejisini iki belgili ösüş bilen artdyrmagyna garaşýandyklaryny mälim etdi.


17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.03.2026 13:28
722

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

22.02.2026 17:17
2.5k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

16.02.2026 20:41
3.2k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...