OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

  • 03.03.2026 13:28
  • 721

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär.

Şertnamanyň esasy şertleri: ilki bilen 15 milliard dollar goýar, galan 35 milliard dollar bolsa bellenen şertleriň ýerine ýetirilişine görä tapgyrlaýyn berler.

OpenAI sekiz ýylyň dowamynda AWS üçin bulut infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýöriteleşdirilen mikroshemalary işläp taýýarlamaga 100 milliard dollar sarp eder. Bu ulgam serişdeleriň taraplar arasynda yzygiderli paýlanylýan «tegelek şertnamasy» (circular deal) hökmünde häsiýetlendirilýär.

Hasaplama güýji: OpenAI Amazon-yň «Trainium» hasaplama kuwwatynyň takmynan iki gigawatyny ulanmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň modelleri häzirki enjamlarda we 2027-nji ýylda çykjak täze Trainium4 çiplerinde işlär.

Kompaniýalar Amazon Bedrock üçin täze "ýagdaýy saklaýan" (stateful) iş gurşawyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu bolsa emeli aň programmalaryna öňki edilen işleriň kontekstini ýatda saklamaga mümkinçilik berer. OpenAI şeýle hem Amazon-yň içerki wezipeleri, esasan hem müşderi hyzmatlary üçin ýörite modelleri işläp taýýarlar.

OpenAI-yň Microsoft bilen hyzmatdaşlygy üýtgewsiz galýar we iki kompaniýanyň gatnaşyklarynyň dowam edýändigi nygtalýar. Şeýle hem OpenAI-yň NVIDIA we SoftBank kompaniýalarynyň her birinden 30 milliard dollar sarmaya çekendigi mälim edildi. Kompaniýa 110 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyryny tamamlap, özüniň umumy bahasyny 730 milliard dollara ýetirdi. Bu hususy maliýeleşdiriş taryhyndaky iň uly tapgyrlaryň biridir.


düýn 18:06
1.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
982

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......