Trillioner tehnologiýa ägirtleriniň umumy kapitalizasiýasy 21 trln dollara ýetdi

  • 09.09.2025 23:17
  • 7.5k+

ABŞ-nyň sekiz sany iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bahasy 21 trln dollardan geçdi. Nvidia-nyň paýnamalarynyň pese gaçandygyna garamazdan, bir hepdede olaryň bazar bahasy 420 mlrd dollar ýokarlandy. Indi bu kompaniýalar S&P 500 indeksiniň, takmynan, 36%-ini emele getirýär diýip, CNBC habar berýär.

Iň uly ösüşi Alphabet-iň gymmatly kagyzlary görkezdi, olar Google bilen bagly kazyýet çözgüdinden soň 9% ýokarlandy. Oňa Chrome brauzerini satmazlyga we Apple bilen şertnamany ýatyrmazlyga rugsat berildi. Şonuň üçin bir hepdede Alphabet-iň paýnamalary 10%-den gowrak, Apple-iň kagyzlary 3,2% ýokarlandy, bu hem Nasdaq indeksiniň 1,1% ösmegine goşant goşdy.
Şol bir wagtyň özünde, Ýewropada gözleg ulgamyna mahabat tehnologiýalarynda agdyklyk ediji ornundan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin 2,95 mlrd ýewro jerime salyndy.
Broadcom kompaniýasy EA gurşawynda täze, eýýäm dördünji müşderi bilen 10 mlrd dollarlyk şertnama barada habar berdi. KHBS-iň pikiriçe, bu OpenAI bolup biler. Şondan soň kompaniýa “trillionerleriň klubuna” goşuldy: onuň kapitalizasiýasy 1,6 trln dollara ýetdi.
Nvidia bir hepdede 4% ýitirdi, Microsoft bolsa soňky 12 aýdaky ösüşe garamazdan, yzygider bäşinji hepde pese gaçýar.
Tesla-nyň paýnamalary baş direktor Ilon Mask üçin täze töleg meýilnamasy yglan edilenden soň 5% gymmatlady. Ol kompaniýanyň bazar bahasy 2 trln dollara ýeten ýagdaýynda 1 trln dollara çenli sylag bermegi göz öňünde tutýar. 


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......