Nvidia “Ýyldyz söweşlerindäki” droide meňzeş Blue robotyny tanyşdyrdy

  • 22.03.2025 22:38
  • 2.9k+

Nvidia kompaniýasy “Ýyldyz söweşleri” (Звёздные войны) franşizasyndaky droidlere meňzeş Blue robotyny hödürledi. Tanyşdyrylyş GTC 2025 konferensiýasynda geçirildi.

Robot The Walt Disney Company we Google Deep Mind bilen bilelikde robototehnika pudagynda iň täze işläp taýýarlamalaryň esasynda döredildi. Blue açyk başlangyç kodly Newton fiziki hereketlendirijisine (physics engine) we Groot N1 neýromodeline esaslanýar. Newton-yň kömegi bilen robot daşky gurşaw bilen netijeli aragatnaşyk saklap, çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýär. Mundan başga-da, Newton öwreniş prosesini 70 esse çaltlaşdyrýar.
Şeýle-de, Newton tehnologiýasy Blue ýaly robotlaryň eýýäm indiki ýyl Disney-iň dynç alyş seýilgählerinde peýda bolmagyna kömek eder.
Groot N1 EA modeli adamyň pikirleniş ýörelgelerine esaslanyp, iki ulgamy: haýal we çalt  pikirlenmäni utgaşdyrýar. Ilkibaşda ol işi ýerine ýetirmegiň ähli mümkin bolan usullaryny seljerýär, soňra ony amala aşyrmak üçin dolandyryjy signallary iberýär.


şu gün 11:23
107

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

düýn 12:35
1.7k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2.1k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......