Huawei EA üçin hususy çip zawodyny gurýar. Kompaniýa Nvidia bilen bäsleşmekçi

  • 06.05.2025 10:32
  • 2.2k+

Huawei Şençžende emeli aň üçin çip öndürjek uly zawodyň gurluşygyna başlady. Kompaniýa daşarky üpjün edijilerden garaşsyz bolmagy we öz EA çözgütleriniň önümçilik prosesini gözegçilikde saklamagy maksat edinýär.

Financial Times-yň habar bermegine görä, zawod 7-nm çipleri, şol sanda Kirin prosessorlaryny we Ascend EA çiplerini çykarar. Ol önümçiligi çaltlaşdyrmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin Pengxinwei (PXW) we Shenzhen Pensun (PST) ýaly beýleki hyzmatdaş kärhanalaryň golaýynda ýerleşer.
Zawodyň işi bilen hyzmatdaş kompaniýalar SiCarrier we SwaySure meşgullanar. Huawei başlangyç maliýe serişdelerini berer hem-de dolandyryjy we tehniki işgärler bilen üpjün eder. Taslama ýerli häkimiýetler tarapyndan bölekleýin goldawa eýe bolýar.
Hususy önümçiligi ýola goýmak çözgüdi Hytaýda iň uly çip öndürijileriň biri bolan SMIC-iň Ascend çipleri üçin köp sanly sargytlara ýetişip bilmezligi bilen baglanyşyklydyr. Huawei ähli işi öz eline alyp, hususy EA çipleriniň önümçiligini çaltlaşdyrmak isleýär.
Täze zawodyň eýýäm geljek ýyl işläp başlamagyna garaşylýar.


27.05.2026 15:34
2.5k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.6k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

27.02.2026 12:03
1.5k+

Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

22.02.2026 17:17
2.5k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...