Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

  • 27.05.2026 15:34
  • 2.7k+

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bu hataryň üpjünçilik gerimi ösmegini dowam edýär, hepdelik satuw mukdary bolsa takmynan 150–200 müň enjam töweregi artdy.

Huawei Mate 80, 80 Pro, 80 Pro Max we 80 RS Ultimate Design modellerini öz içine alýan hatar Hytaýda 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda tanyşdyrylypdy, satuwlar bolsa 28-nji noýabrda başlandy.

Satuwa iň uly goşandy smartfonyň esasy wersiýasy goşýar. Çeşmeler munuň sebäbini flagman aýratynlyklarynyň saklanyp galmagy we bahasynyň has elýeterliligi bilen düşündirýärler.

Ýokary modelleriň satuwy bolsa önümçilik geriminiň artdyrylmagyndan soňra has-da işjeňleşdi.

Täze Huawei Pura 90 hatarynyň çykmagyna garamazdan, Mate 80 modellerine bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Çap edilen maglumatlara görä, Pura 90 Pro modeli satuwa çykan ilkinji bäş gününiň içinde takmynan 98 müň gezek işjeňleşdirildi. Pura 90 Pro Max wersiýasy bolsa şol döwürde takmynan 73 müň işjeňleşdirilme görkezijisine ýetdi.


düýn 11:29
3.9k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

düýn 11:16
812

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

düýn 09:59
986

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.2k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......