Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady

  • 27.02.2026 12:03
  • 1.5k+

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär.

ABŞ tarapyndan kompaniýa garşy girizilen çäklendirmeler 2019-njy ýyldan bäri dowam edýär.
Soňky bäş ýylyň içinde kompaniýa ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda ýyly birinji orunda tamamlady. Huawei-iň bazardaky paýy 16,4% boldy. Ikinji orny bolsa 16,2% görkeziji bilen Apple eýeledi. Habarda bellenilişi ýaly, bu netijä diňe bir enjamlaryň satuwy däl, eýsem kompaniýanyň hususy programma ekoulgamynyň ösdürilmegi hem täsir etdi.
Huawei smartfon bazaryndan başga ugurlarda hem öz ornuny berkitdi. Kompaniýa emeli aň ulgamlaryny okatmak pudagynda esasy gatnaşyjylaryň birine öwrüldi. Habar berilmegine görä, Hytaýyň iň iri 43 sany dil modeli Huawei-iň Ascend seriýasynyň güýçlendirijilerinde okadyldy. Huawei-iň apparat platformasy 200-den gowrak açyk kodly emeli aň modelleri bilen utgaşykly işleýär.
Şeýlelikde, 2025-nji ýylda kompaniýa girdejisiniň artandygyny we bir wagtyň özünde birnäçe tehnologiki ugurlarda öz täsirini giňeldendigini hasaba aldy.


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

17.01.2026 14:38
3.9k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...

20.12.2025 19:15
2.2k+

Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar

Huawei kompaniýasy şu ýylyň ilkinji üç çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda birinji orny eýeledi. IDC analitiki agentliginiň statistikasyna görä, korporasiýa hasabat döwründe 28,6 million enjam satyp, 18,6% bazar paýyny gazandy...