Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

  • 17.01.2026 14:38
  • 3.9k+

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär.

Huawei-niň bazar paýy 16,4% boldy, bu bolsa mukdar aňlatmasynda 46,7 mln satylan smartfona deňdir. Apple 16,2% görkeziji we 46,2 mln iPhone satuwy bilen ikinji orny eýeledi. Iki kompaniýanyň arasyndaky tapawut sähel boldy.
Soňky gezek Huawei içerki bazarda birinji orny 2020-nji ýylda eýeläpdi. Soňky ýyllarda ABŞ-nyň hytaý öndürijisine tarap girizen sanksiýalary sebäpli kompaniýanyň orny gowşady.
Ýylyň jemi boýunça üçünji orny 46,1 mln smartfon satan Vivo kompaniýasy eýeledi. Reýtingde bularyň yzyndan Xiaomi we Oppo ýerleşýär.
Umuman, 2025-nji ýylda Hytaýyň smartfon bazary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,6% azaldy. Umumy satuw möçberi 284,6 mln smartfon boldy. 


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......