Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar

  • 20.12.2025 19:15
  • 2.2k+

Huawei kompaniýasy şu ýylyň ilkinji üç çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda birinji orny eýeledi.

IDC analitiki agentliginiň statistikasyna görä, korporasiýa hasabat döwründe 28,6 million enjam satyp, 18,6% bazar paýyny gazandy. Öndürijiniň satuw ösüşi 21,6%-e deň boldy. Iberişleriň esasy bölegi Hytaýyň içerki bazaryna ugradylyp, ol ýerde 20,8 million birlik önüm satyldy.
Xiaomi 27,9 million enjam bilen sanawyň ikinji setirinde ýerleşdi. Kompaniýanyň paýy 18,1%, ösüş görkezijisi bolsa 36,1%-e ýetdi.
Apple kompaniýasy hem 27,9 million enjam satyp, bazaryň 18,1%-ini eýeledi we üçünji orunda galdy. Seljerijiler statistiki taýdan örän ujypsyz tapawut sebäpli Apple-y üçünji orunda ýerleşdirdiler.
Öňdebaryjy öndürijileriň sanawynda dördünji orny Samsung eýeledi.


27.06.2026 20:25
3.5k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

20.06.2026 09:49
2.5k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....