Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

  • şu gün 17:02
  • 772

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar kapitalizasiýasy boýunça ondan öňe geçdi.

SK Hynix-iň paýnamalary 5,6% ýokarlandy, netijede kompaniýanyň umumy bahasy 208,04 trillion wona (takmynan, 135 milliard dollar) ýetdi. Şol bir wagtda Samsung Electronics-iň kapitalizasiýasy 0,14% peselip, 206,67 trillion wona çenli düşdi.

Ýat mikroshemalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan SK Hynix mundan ýigrimi ýyl ozal bergileri sebäpli bankrot bolmagyň bosagasyndady. Kompaniýanyň barha ösmegine emeli aň tehnologiýalaryna bolan uly isleg hem-de Nvidia we Google ýaly ägirtlere önüm ibermek baradaky şertnamalary güýçli täsir etdi.

Metbugat maglumatlaryna görä, SK Hynix emeli aň tizleşdirijilerinde we häzirkizaman wideo kartlarynda ulanylýan ýokary tizlikli HBM ýat bazarynyň 61%-ni öz elinde saklaýar. Bu bazarda Samsung-yň paýy 17%-e, Micron amerikan kompaniýasynyň paýy bolsa 21%-e deňdir.

Ýat çipleri emeli aň ulgamlarynyň, şol sanda uly dil modelleriniň işlemegi üçin zerur bolan iň esasy düzüm bölekleriniň biri hasaplanýar.


17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......