Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

  • 19.05.2026 20:20
  • 3.1k+

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa başlajakdyklaryny aýdyp haýbat atdylar.

Bu gapma-garşylyk ýat çipleri bölüminiň işgärlerine ýyllyk aýlyklarynyň 607%-i möçberinde bonuslar hödürlenenden soň, logiki çip we şertnamalaýyn önümçilik bölümleriniň işgärlerine bolsa ýyllyk aýlyklarynyň 50-100%-i möçberinde pul baýragyny bermek teklibi berlenden soň ýüze çykdy.

Logiki çip we şertnamalaýyn önümçilik bölümlerindäki 23 000 töweregi işgäriň wekili bolan kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklaryndaky tapawudyň aradan aýrylmagyny talap etdi. Bu bölümler Tesla we Nvidia tarapyndan ulanylýan emeli aň ulgamlary üçin komponentleri öndürýär.

"Eger ýat bölümi 500 million won (takmynan 335 000 dollar), şertnamalaýyn önümçilik bölümi bolsa bary-ýogy 80 million won (54 000 dollar) alsa, bu işgärleriň mundan bu ýana işlemäge höwesi galarmyka?" - diýip, kärdeşler arkalaşygynyň lideri Çhwe Syn Ho aýtdy.

Samsung bu tapawutlary bölümleriň maliýe netijeleri bilen baglanyşdyrdy. Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, logiki çip bölümi trillionlarça won zyýan çekdi we ýat bölüminiň girdejisiniň hasabyna öz işini dowam etdirýär.

JPMorgan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, iş taşlaýyş bolan ýagdaýynda bu Samsung kompaniýasynyň iş girdejisine 14 milliard dollardan 20,8 milliard dollara çenli zyýan ýetirip biler.

Bäsdeşi SK Hynix bonus töleg çäklendirmelerini ýatyrandan soň ýagdaý hasam ýitileşdi. Şertlerdäki tapawutlar sebäpli, Samsung-yň käbir işgärleri eýýäm bäsdeşiň tarapyna geçdiler.

Kärdeşler arkalaşygy ýyllyk aýlygyň 50%-i möçberindäki bonus çäginiň ýatyrylmagyny we iş girdejisiniň 15%-iniň bonus gaznasyna gönükdirilmegini talap edýär.


27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......