Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary kazyýetinde ýörite iş alnyp barylýar.
Bu şikaýat arzasy akylly sagatlar üçin niýetlenen, sagadyň ýüzüni sanly görnüşde görkezýän 26 sany programma degişlidir. Swatch kompaniýasynyň öňe sürmegine görä, bu programmalar Omega, Tissot we Breguet brendleriniň sagat dizaýnlarynyň gönümel göçürmesidir. Şunlukda kompaniýanyň maksady 2015-nji ýylyň oktýabryndan 2019-njy ýylyň fewralyna çenli bolan döwürde özlerine ýetirilen zyýanyň öwezini doldurtmak bolup durýar.
2022-nji ýylda kazyýet hatda bu programmalar başga, özbaşdak awtorlar tarapyndan taýýarlanan hem bolsa, haryt nyşanynyň rugsatsyz ulanylmagynda Samsung kompaniýasyny günäkär we jogapkär diýip ykrar edipdi. Kazyýet Samsung-yň programmalary barlamak we olary öz internet dükanynda ýaýratmak işine doly gözegçilik edendigi baradaky netijä geldi.
Häzirki wagtda kazyýet tölenmeli jerime pulunyň takyk möçberini hasaplaýar. «Swatch»-yň berýän maglumatyna görä, şol dawa döredýän programmalar Beýik Britaniýada we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda takmyndan 160 müň gezek göçürilip alnypdyr.
Samsung bolsa talap edilýän bu puluň mukdaryny örän köp we esassyz diýip hasaplaýar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, şol programmalaryň tas hemmesi ulanyjylar üçin mugt bolupdyr, olary ýüklemekden gelen umumy girdeji bolsa 1 müň dollardan sähelçe geçipdir. Şol girdejiniň hem diňe 300 dollar töweregi Samsung-yň özüne galypdyr.
Swatch-yň janykmalarynyň hem jany ýok däl. Kompaniýa özüniň asylky we gadymy brendleriniň gymmatyny hem-de gadyryny gaçyrmazlyk üçin bilgeşleýinden häzirki zaman akylly sagat bazaryna girmeýändigini nygtaýar. Tissot kompaniýasy bolsa, özlerine mahsus dizaýnlaryň sanly enjamlarda köpçülikleýin ulanylmagy hakyky şweýsar sagatlarynyň abraýyny peseldip biler diýip hasaplaýar.