Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy.
Bu dawa-jenjeller Bosch-yň ABŞ-ndan daşarda hasaba alnan iki sany şahamça kärhanasynyň degişli amerikan ygtyýarnamalaryny almazdan, hytaý korporasiýasy Huawei-niň ykjam telefonlary üçin programma üpjünçiligini we sensor önümlerini iberendigi bilen sebäpli ýüze çykdy.
Jerimäniň möçberi ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Senagat we howpsuzlyk býurosyna (BIS) gowşurylar. Şol bir wagtyň özünde, bu öwez tölegiň takmynan 3,6 million dollary bikanun gazanylan girdeji hökmünde ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrligine geçireriler.
German tehnoägirdine garşy jenaýat işi gozgalmaýar. ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrligi bu karary Bosch-yň goýberen kemçilikleri barada öz meýline habar berendigi we derňew boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edendigi üçin kabul etdi. Bosch kompaniýasynyň özi bu bozulmalary «bilmezlikden edilen» ýalňyşlyk hökmünde häsiýetlendirdi. Ýurduň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli german tarapy Huawei-niň salgysyna umumy bahasy bolsa 70 million dollardan geçýän 100-den gowrak haryt gowşurylyşy amala aşyrypdyr,
Baş edarasy Ştutgartda ýerleşýän Robert Bosch tehnologiýa we hyzmatlar pudagynda iri halkara kompaniýasy bolup durýar. Onuň düzümine 500-den gowrak gyz kärhanalary girýär, 2024-nji ýyl üçin girdejisi bolsa takmynan 90 milliard dollara barabar boldy.
Bu şeýle hadysalaryň ilkinjisi däl. 2023-nji ýylda Senagat we howpsuzlyk býurosy Seagate Technology kompaniýasyna taryhynda rekord bolan 300 million dollar möçberinde düzgünleşdiriji jerime belläpdi. Munuň sebäbi hem Huawei-ä rugsatnamasyz hard diskleri iberilmegi bolupdy.