Baffetden hem baý: Nvidia-nyň ýolbaşçysy iň baý adamlaryň ilkinji ýediligine girdi

  • 12.07.2025 19:02
  • 4.4k+

Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji ýediligine girip, Uorren Baffetden we Stiw Balmerden öňe geçdi. Bu barada Fortune reýtingine salgylanyp, CNBC habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Huangyň baýlygy 143,6 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Dünýäniň iň baý maýadarynyň baýlygy bolsa, takmynan, 142 mlrd dollara, Microsoft-yň öňki baş direktorynyňky 142,6 mlrd dollara barabar. Indi sanawda Huangyň ýakyn bäsdeşi 149 mlrd dollar baýlygy bolan Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýjdir.
Huangyň şahsy kapitalynyň ösmegi onuň kompaniýasynyň paýnamalarynyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. 2025-nji ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy tas 23% ýokarlandy. Netijede, Nvidia-nyň bazar bahasy dünýäde ilkinji bolup 4 trln dollardan geçdi.
Ýakynda Nvidia-nyň ýolbaşçysy kompaniýanyň 225 000 paýnamasyny satdy, bu hem oňa 36 mln dollar gazanmaga mümkinçilik berdi. Iýun aýynyň başynda şeýle şertnamanyň netijesinde ol 15 mln dollar gazandy. Geçen ýyl kompaniýanyň gymmatly kagyzlarynyň satuwy Huanga, takmynan, 700 mln dollar getirdi. Bu şertnamalardan soň, Huang gönüden-göni we dürli gaznalar arkaly kompaniýanyň ýene 858 milliondan gowrak paýyna eýeçilik edýär.
CNBC-niň bellemegine görä, EA çiplerini işläp düzmek we öndürmek ugry korporasiýanyň girdejililigine uly goşant goşýar. Bu gurluşlar Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň kömegi bilen öndürilýär we kompaniýa oýun segmentinden alýan girdejisinden 10 esse ýokary girdeji getirýär.


şu gün 09:16
511

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

13.01.2026 13:28
8.1k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

12.01.2026 11:12
1.6k+

Nvidia-da 33 ýylda ilkinji gezek baş marketolog işe alyndy, ol Google-yň öňki hünärmeni boldy

Nvidia kompaniýasy özüniň 33 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek marketing boýunça müdiri işe aldy. 2026-njy ýylyň fewralyndan başlap bu wezipäni Elison Wagonfeld eýelär we ol kompaniýanyň tutuş marketing hem korporatiw kommunikasiýalar ulgamyna jogap berer diýip, Tom’s Hardware habar berýär...

18.12.2025 13:21
1.8k+

Nvidia dolandyryş hili boýunça kompaniýalaryň reýtinginde Apple-den öňe geçdi

Grafiki çip öndürijisi Nvidia Corp. dolandyryş hili boýunça iň gowy amerikan kompaniýalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýting The Wall Street Journal neşiri üçin Klermont uniwersitetiniň Draker instituty tarapyndan düzüldi...