Nvidia howa ýagdaýyny iki hepde öňünden takyk çaklaýan emeli aň ulgamyny döretdi

  • 29.01.2026 09:53
  • 2.7k+

Nvidia kompaniýasy howa şertlerini iki hepde öňünden takyk çaklamak üçin niýetlenen, açyk kodly "Earth 2" ulgamyny işe girizdi.

Bu platforma meteorologik maglumatlaryň işlenilmegini çaltlaşdyrmak üçin birnäçe emeli aň modelini özünde jemleýär. Olaryň biri — "Earth 2 Medium Range" — "Google DeepMind" kompaniýasynyň "GenCast" ulgamyndan 70-den gowrak görkeziji boýunça has gowy netije görkezýär.
Nvidia-nyň klimat modelleşdirmesi boýunça direktory Maýk Pritçardyň belleýşi ýaly, "Medium Range" gerimi giňeldilip bilinýän "Atlas" arhitekturasyna esaslanýar. Ol "dünýäniň islendik nokadynda işläp bilýär" we çylşyrymly, dar ugurly modellerden has uniwersal çemeleşmä geçilmegini aňladýar.
Şeýle hem, "Earth 2-niň" düzümine "Nowcasting" we "Global Data Assimilation" ulgamlary girýär:

  • Nowcasting: 0-dan 6 sagada çenli döwür üçin gysga möhletli çaklamalary düzýär. Bu bolsa tupanlara we beýleki howply tebigy hadysalara gözegçilik etmekde örän möhümdir. Model geostasionar hemralardan alynýan maglumatlary ulanýar we hemra aragatnaşygy ýeterlik bolan sebitlerde ulanylyp bilner.
  • Global Data Assimilation: Meteorologik stansiýalardan we aerostatlardan maglumatlary ýygnaýar hem-de planetanyň atmosferasynyň ýagdaýynyň üznüksiz şekilini döredýär. Eger ozal şeýle maglumatlary işlemek superkompýuterlere düşýän agramy 50%-e çenli artdyran bolsa, häzir Nvidia GPU-larynda bu iş bary-ýogy birnäçe minut wagty alýar.

Mundan başga-da, platforma "CorrDiff" we "FourCastNet3" modellerini öz içine alýar, şeýle-de ECMWF, "Microsoft", "Google" we beýleki guramalaryň açyk taslamalaryny goldaýar.


19.06.2026 18:36
876

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.2k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......