Gymmatbaha elektrokarlar islegden gaçýar: Porsche, Audi we Mercedes-de ýagdaý nähili?

  • 01.10.2025 14:28
  • 4.1k+

Porsche, Audi we Mercedes ýaly gymmatbahaly awtoulag öndürijileri lýuks elektrokarlaryň satuwynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bloomberg neşiriniň habar bermegine görä, satuwlaryň peselmegi sebäpli kompaniýalar täze modelleriň çykarylyş meýilnamalaryny we önümçiligi giňeltmek taslamalaryny täzeden seretmeli bolýarlar.

Porsche üç ýyl ozal elektrik awtoulaglarynyň benzinlilerden köp satyljakdygyna wada beripdi. Emma häzirki wagtda kompaniýa lýuks elektrokrossoweriniň önümçiligini togtadyp, beýleki elektrokarlarynyň çykarylyşyny yza süýşürýär. Çykdajylaryň artmagy we «Taycan» modeline bolan islegiň pesligi sebäpli Porsche indi gibrid we benzinli awtoulaglara has köp ünsi jemleýär.
Mercedes-Benz Group hem €110 müň duran flagman modeli EQS bilen şular ýaly kynçylyk çekýär. Audi-de bolsa Hytaýda elektrokar satuwy pese gaçdy, sebäbi ýerli brendler — BYD we Xiaomi has arzan alternatiwleri hödürleýärler.

Şol bir wagtyň özünde, BMW premium segmentinde has gowy netijeleri görkezýär: ýylyň ilkinji ýarymynda kompaniýanyň elektrokar satuwy 16% ýokarlandy. Ýöne BMW-niň hem lýuks modellerinde kynçylyklar bar, şonuň üçin kompaniýa olara bolan bahalary Ýewropada peseltmäge mejbur bolýar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....